Russiýanyň “Ozon” elektron söwda meýdançasy harytlary hyzmatdaşlyk esasynda Türkmenistana eltip bermek mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy TASS agentligine habar berdi.
Kompaniýa bu hyzmaty ýurtda işe girizmek meselesiniň häzirki wagtda öwrenilýändigini belläp geçdi.
Habarda bellenilişi ýaly, bu mesele boýunça kompaniýa degişli infrastruktura işlerini taýýarlaýar we ol müşderilerine mümkin bolan işiň başladylmagy boýunça goşmaça maglumatlary beriljekdigini nygtady.
1998-nji ýylda döredilen “Ozon” dürli görnüşli harytlaryň giň toplumy bilen üpjün edýän köpugurly elektron söwda meýdançasydyr.


















