“Lebap Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyga” täze tehnikalar gelip gowuşdy

BT
“Lebap Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyga” täze tehnikalar gelip gowuşdy
“Lebap Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyk” dolandyryş kärhanasyna gelip gowşan täze tehnikalar

“Lebap Altyn Asyr Türkmen köl gurluşyk” dolandyryş kärhanasyna 28 sany ekskawator we ýedi sany buldozer gelip gowuşdy. Bu barada penşenbe güni çap edilen “Türkmen gündogary” gazetinde habar berildi.

Kärhana gelip gowşan täze tehnikalar Hytaý Halk Respublikasynyň “Shantui” kompaniýasynda öndürildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ekskawatorlaryň susgujy 0,43 kub metrden 1,05 kub metre çenli ýetýär. Buldozerleriň kuwwaty bolsa 162 at güýjüne barabardyr.

Bulardan başga-da kärhana SITRAK kompaniýasynyň önümi bolan hyzmat ediji awtoulagyň we wahta awtobusynyň her haýsyndan biri, ýangyç guýujy ulaglaryň 2-si, tirkeg çekiji awtoulaglaryň 3-si hem-de tirkegleriň 3-si getirildi.

Şeýle döwrebap täze tehnikalaryň üpjin edilmegi bilen esasy wezipe suw gurluşyk işleriniň hilini ýokarlandyrmakdan hem-de pudagyň hyzmat ediş mümkinçiliklerini kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022