Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Amerikanyň Bilrleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) täze Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisini wezipä belledi. Bu barada “Watan” habarlary gepleşigi habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Meret Baýramowiç Orazowyň başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň Amerikanyň Bilrleşen Ştatlaryndaky (Waşington şäheri) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Meksikanyň Bilrleşen Ştatlaryndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Kanadadaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi hem-de Raýat Awiýasiýasy boýunça halkara guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň wekili wezipelerinden boşadyldy.
Bu wezipä Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew bellenilip, ol Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Moskwa şäheri) Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Serbiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Bolgariýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinden boşadyldy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.





31368-495x4352.jpeg)




31368-90x604.jpeg)






