Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy açyldy

BT
Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasy açyldy
Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar (sagda)

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew 2026-njy ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň DIM-nde Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda Serdar Muhammetdurdyýew Yrak tarapynyň Aşgabat şäherinde Yrak Respublikasynyň Ilçihanasyny açmak baradaky karary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasynyň doly derejede işlemegi üçin türkmen tarapynda ähli zerur goldawyň beriljekdigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda Yrak Respublikasynyň Ilçihanasynyň açylmagynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam berjekdigi bellenildi.

Şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýokary derejedäki duşuşyklaryň we Türkmenistanyň hem-de Yragyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda geçirilýän syýasy geňeşmeleriň uly goşant goşýandygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk ýaly ugurlarda medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Şeýle-de 2009-njy ýylda Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan soň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça, aýratyn-da halkara giňişliginde, çalt depginde ösdürilýändigi aýratyn nygtaldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022