Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, daşoguzly telekeçi Ismail Ismailow täzelikde gowrulan arahis huruşly karamel süýjüleriň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, telekeçi 2020-nji ýylda Gündogaryň meşhur süýjüligi bolan nabat we nabat görnüşli süýjüleriň önümçiligine başlady.
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda ýerleşýän kärhanada şaha we kesmek nabat, miwe tagamly, nabat görnüşli karamel süýjüleriň dürli görnüşleri, şeýle hem gowrulan arahis huruşly karamel süýji ýaly datly önümleriň köp mukdary öndürilip, ilatyň bu önümlere bolan islegi doly kanagatlandyrylýar.
Telekeçi Ismail Ismailowyň önümhanasynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji iki aýynda önümçilik depgini ep-esli artdyrylyp, dürli miwe tagamly karamel süýjüleriň 5,8 tonnasy, gowrulan arahis tagamly karameliň 2,1 tonnasy, nabadyň 3,6 tonnasy öndürildi.

















