Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Guwanç Akyniýazow dürli tagamlar üçin tebigy önümlerden taýýarlanylýan iýmit goşundylarynyň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada telekeçi sişenbe güni TSTB-niň 18 ýyllygyna bagyşlanyp Aşgabatda geçirilýän serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine gürrüň berdi.
Häzirki wagtda telekeçiniň önümçiliginde bu iýmit goşundylarynyň alty görnüşi, ýagny dürli maksatly, towuk, balyk, et we şişlik üçin niýetlenilen gury iýmit goşundylary, soganly duz, limonly duz öndürilýär.
Telekeçi Guwanç Akyniýazow Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Akgoňur daýhan birleşiginde iş alyp barýar. Guwanç Akyniýazow “SeDi” haryt nyşanly iýmit goşundylary üçin önümleri öziniň ýyladyşhanasynda ösdürip ýetişdirýändigini we bu önümleri guradyp olardan dürli tagamlar üçin goşundylary taýýarlaýandyklaryny aýtdy.
“Häzirki wagtda “SeDi” haryt nyşanly iýmit goşundylary içerki bazara satuwa çykarylyp, alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanylýar” diýip, Guwanç Akyniýazow belledi.
Türkmen telekeçisi geljekde öndürýän önümleriniň görnüşleriniň sanyny artdyrmagy meýilleşdirýär.
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda sişenbe güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi öz işine başlady we bu sergi 19-njy marta çenli dowam eder.

















