Merkezi Aziýa ýurtlary, Italiýa we Azerbaýjan oba hojalygy hem-de agrosenagat pudagyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga gönükdirilen möhüm ylalaşyklary gazandylar. Degişli ylalaşyklar duşenbe güni Daşkentde geçirilen “Italiýa – Merkezi Aziýa (C5) + Azerbaýjan” halkara agrobiznes forumynyň jemleýji Beýanatynda berkidildi. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrligi habar berýär.
Foruma Italiýanyň oba hojalyk, azyk özbaşdaklygy we tokaý hojalygy ministri Françesko Lollobrijida, Azerbaýjanyň oba hojalyk ministri Mejnun Mamedow, Gazagystanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Ýermek Kenžehanuly, Täjigistanyň oba hojalyk ministri Kurbon Hakimzoda, Gyrgyzystanyň suw serişdeleri, oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagat ministriniň orunbasary Almaz Žeenaliýew we Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň orunbasary Berkeli Berkeliýew gatnaşýarlar.
Forumyň dowamynda oba hojalygy, maýa goýumlary we azyk howpsuzlygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar innowasiýalary işjeň ornaşdyrmagyň, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çözgütleri işläp taýýarlamagyň zerurdygyny nygtadylar.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar bu ugurlarda hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň durnukly agroekoulgamlaryň emele gelmegine hem-de sebitde azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berjekdigini bellediler.
Forumyň dowamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýumlary çekmäge hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylmagyna we tejribe alyşylmagyny ösdürmäge aýratyn üns berdiler.
Italiýanyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň gatnaşmagynda geçirilýän “Durnukly oba hojalyk ekoulgamlary üçin innowasiýalar, regeneratiw oba hojalygy we sanlylaşdyrma” atly halkara işewürlik forumy 24-nji marta çenli dowam eder.

















