EIB Çarçuwaly ylalaşyk baglaşylandan soň Türkmenistanda iş alyp barmagy meýilleşdirýär

BT
EIB Çarçuwaly ylalaşyk baglaşylandan soň Türkmenistanda iş alyp barmagy meýilleşdirýär
Ýewropa maýa goýum banky, Lýuksemburg (Surat: relinvestmentsgroup.com)

Ýewropa maýa goýum banky (EIB) Türkmenistanda işläp başlamagyň esasy şerti hökmünde ýurt bilen Çarçuwaly ylalaşygyň baglaşylmagyny göz öňünde tutýar. Bu barada bankyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekilhanasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Kýueni “Trend” agentligine beren interwýusynda aýtdy.

Oliwýe Kýueni bankyň Türkmenistanda işe başlamagy bilen bu ýerde durnukly ulag, sanly tehnologiýa ulgamlary hem-de ekologik we durmuş şertlerine laýyk gelýän başlangyçlar boýunça taslamalaryň ileri tutuljakdygyny aýtdy. Şeýle çemeleşme infrastruktura maýa goýumlarynyň hasabyna uzak möhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir.

Şeýle hem Ýewropa maýa goýum banky Transhazar ulag geçelgesiniň utgaşdyryjy platformasyna gatnaşýar, serhetüsti ulag we sanlylaşdyrma boýunça taslamalary öňe sürmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu başlangyçlar sebitara integrasiýany berkitmäge we Merkezi Aziýada ykdysady ösüşi höweslendirmäge gönükdirilendir.

Ýewropa maýa goýum banky — 1958-nji ýylda Lýuksemburgda döredilen Ýewropa Bileleşiginiň esasy döwlet karz edarasydyr. Bank infrastruktura, ekologiýa, energetika we sanlylaşdyrma ugurlarynda ösüşe gönükdirilen taslamalary maliýeleşdirýär.

2022