Türkmenistanyň wise-premýeri sapar bilen Azerbaýjana bardy

BT
Türkmenistanyň wise-premýeri sapar bilen Azerbaýjana bardy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew (Ortada). 2026-njy ýylyň 1-nji apreli, Azerbaýjan (Surat: AZERTAC)

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew sapar bilen Azerbaýjana bardy.

AZERTAC agentliginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň wise-premýerini Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministriniň birinji orunbasary Elnur Aliýew, daşary işler ministriniň orunbasary Samir Şerifow hem-de beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew 30-njy martda Gruziýada saparda boldy.

Saparyň çäklerinde wise-premýer Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze hem-de Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri Mariam Kwriwişwili bilen duşuşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС