Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy

BT
Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy
“Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly iri halkara sergi, 2026-njy ýylyň 2-nji apreli, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: BT)

Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýurduň Söwda-senagat edarasynda penşenbe güni “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly iri halkara sergi öz işine başlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen oňa gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlady we bu serginiň uly üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdi.

“Bu giň möçberli halkara sergi hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki hereketleri ýola goýmaga itergi berer” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda aýtdy.

Giň gerimli bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Halkara çäreleri gurnamakda baý tejribesi bolan Türkiýe Respublikasynyň “Net Organization” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda guralýar. 

Serginiň esasy maksady halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak hem-de maýa goýum işjeňligini höweslendirmekden ybaratdyr.

Sergide sanlylaşdyrma, “ýaşyl” tehnologiýalar, senagat we logistika ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütler görkezilýär. Şeýle hem ýerli önüm öndürijileriň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, täze bazarlara çykmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar.

“Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi 2026-njy ýylyň 4-nji apreline çenli dowam eder.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС