Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, ýurtda sporty ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga uly ähmiýet berilýändigini aýtdy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylary we türkmen halkyny Bütindünýä saglyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň Prezidentini, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Mejlisde şu ýylyň üç aýynda Türkmenistanda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi we döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

















