Türkmen dizaýneri ÝUNESKO-nyň edara binasynda lybaslar toplumy bilen tanyşdyrdy

BT
Türkmen dizaýneri ÝUNESKO-nyň edara binasynda lybaslar toplumy bilen tanyşdyrdy
Türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewanyň lybaslar toplumynyň görkezilişi, 2026-njy ýylyň 8-nji apreli, Pariž, Fransiýa (Surat: Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy)

Türkmen dizaýneri Göwher Pirkuliýewa Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň edara binasynda Halkara Nowruz baýramy mynasybetli milli lybaslaryň toplumy bilen tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.

ÝUNESKO-nyň edara binasynda geçirilen görkezilişe Azerbaýjanyň we Täjigistanyň dizaýnerleri hem gatnaşyp, olar öz ýurtlarynyň milli egin-eşiklerini görkezdiler we medeni mirasyň köpdürlüligini nygtadylar.

Çäre Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Owganystanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Yragyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Türkiýäniň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky hemişelik wekilhanalary tarapyndan bilelikde guraldy.

Bu baýramçylyk agza döwletleriň wekiliýetlerini bir ýere jemläp, medeni alyş-çalyş we Nowruzy belleýän ýurtlaryň milli däplerini wagyz etmek üçin meýdança öwrüldi.

Nowruz baýramy 2009-njy ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi we bu baýramçylyk her ýyl halkara wekiliýetleriň gatnaşmagynda guramanyň edara binasynda giňden bellenilýär.

2022