Türkmen egin-eşik dizaýnerleri 2026-njy ýylyň 26–28-nji iýuny aralygynda Minsk şäherinde geçiriljek “Swýata lnu. Rodnaýe modnaýe” IV Halkara festiwalyna gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Belarusyň Türkmenistandaky ilçihanasy çarşenbe güni habar berdi.
Festiwalyň esasy çäreleri 27–28-nji iýunda şäheriň taryhy bölegi bolan Ýokarky şäherde geçiriler. Maksatnama egin-eşik dizaýnerleriniň üç ugur boýunça ýagny, awtorlyk lybaslar toplumy, etno-lybaslar toplumy we senagat lybaslar toplumy boýunça bäsleşigi öz içine alýar.
Festiwalyň çäklerinde sungat bäsleşikleri we moda görkezilişleri, pudak wekilleri üçin hünär seminarylary, ýeňil senagat üçin hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen çäreler hem göz öňünde tutulýar.
Taslama täze we hereket edýän brendleri ösdürmäge hem-de häzirki zaman tehnologiýalaryny hem-de milli mirasy ulanmak arkaly goldaw bermäge gönükdirilendir.
“Swýata lnu. Rodnaýe modnaýe” festiwaly ilkinji gezek 2023-nji ýylda Minskde “Dinamo” stadionynda geçirildi. 2023–2025-nji ýyllar aralygynda geçirilen bäsleşiklere we brend görkezilişlerine Türkmenistandan, Belarusdan, Russiýadan, Gazagystandan, Özbegistandan, Türkiýeden, Eýrandan we Nigeriýadan 100-den gowrak dizaýnerler özleriniň lybaslar toplumy bilen gatnaşdylar.

















