Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Babanyýaz Ýalakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet halkara ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen Bütindünýä banky toparynyň mejlisiniň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.
Duşuşyklaryň çäklerinde wekiliýet Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti Antonella Bassani bilen duşuşdy. Taraplar Bütindünýä banky toparynyň Türkmenistanyň ösüşiniň ileri tutulýan, şeýle hem durmuş-ykdysady ösüşini goşmaça goldap biljek strategiki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Bütindünýä banky döwletlere ykdysady ösüşi üpjün etmek we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen maliýe hem-de maslahat beriş goldawyny berýän halkara maliýe guramasydyr.
Bütindünýä banky toparynyň Türkmenistan bilen 2026–2027-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk strategiýasy ýurduň sebit taslamalaryna gatnaşmagyny üpjün etmäge, şeýle-de ykdysadyýeti ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak üçin maslahat beriş hem-de tehniki goldaw bermäge gönükdirilendir.

















