Hytaý korporasiýasy Türkmenistanda logistika merkezlerini döretmäge maýa goýmaga taýýar

BT
Hytaý korporasiýasy Türkmenistanda logistika merkezlerini döretmäge maýa goýmaga taýýar
Türkmenbaşy halkara deňiz porty, Balkan welaýaty, Türkmenistan

Hytaýyň “Shaanxi Yulin Energy Group” korporasiýasy Türkmenistanda logistika merkezlerini döretmäge maýa goýmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu başlangyç korporasiýanyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Gao Syszýun tarapyndan Aşgabatda geçirilen türkmen-hytaý işewürlik forumynda hödürlenildi.

“nCa” agentliginiň anna güni habar bermegine görä, korporasiýa himiýa önümlerini paýlamak boýunça merkezleriň ösüşine we gaýtadan dikeldilýän energetika desgalaryna maýa goýmak mümkinçiligini öwrenýär hem-de bu ugurlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin geljegi uly diýip hasaplaýar.

Habarda bellenilişi ýaly, “Shaanxi Yulin Energy Group” türkmen tebigy gazyny we himiýa çig malyny import etmäge gyzyklanma bildirýär we munuň öwezine bolsa ekologiýa taýdan arassa kömür, antrasit we himiýa önümlerini, şol sanda polioksimetileni ibermegi teklip edýär.

Gao Syszýun hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kömüri çuň gaýtadan işlemek, metanol, olefinler we inžener plastiklerini öndürmek boýunça taslamalary görkezdi. Şeýle hem korporasiýanyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Türkmenistanda magniý garyndylaryny we ýeňil awtoulag böleklerini öndürýän kärhanalary döretmek mümkinçiliginiň ara alnyp maslahatlaşylýandygyny aýtdy.

“Shaanxi Yulin Energy Group” korporasiýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy öz çykyşynda “ýaşyl” energetika, hususan-da wodorod tehnologiýalaryny ösdürmek, energiýany toplamak ulgamlary we gibrid ýel-gün elektrik stansiýalaryny gurmak meselelerine aýratyn üns berdi.

Şeýle-de Gao Syszýun türkmen tarapyna Şensi welaýatyndaky korporasiýanyň senagat edaralarynyň binýadynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagy teklip etdi.

Mundan başga-da “Shaanxi Yulin Energy Group” korporasiýasynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy türkmen tarapyny hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen Ýulin şäherine baryp görmäge çagyrdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022