Inçeburun serhet geçelgesi arkaly üstaşyr geçirilen ýükler 48% ýokarlandy

BT
Inçeburun serhet geçelgesi arkaly üstaşyr geçirilen ýükler 48% ýokarlandy
Türkmen-eýran serhedi

Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynda ýerleşýän Inçeburun serhet geçelgesi arkaly ýükleriň üstaşyr geçirilişi 20-nji martdan 20-nji aprel aralygynda 48 göterim ýokarlanyp, 4 müň tonna ýetdi we onuň umumy bahasy 13 million ABŞ dollaryna deň boldy diýip, Gülüstan gümrük gullugynyň baş direktory Şahriýar Şahriýari aýtdy. Bu barada IRNA ýekşenbe güni habar berdi.

Üstaşyr gatnawlaryň ösüşi sebitiň eksport görkezijileriniň ýokarlanmagy bilen utgaşdyrylyp, hasabat döwründe Gülüstandan ähli gümrük nokatlary arkaly jemi 29 million ABŞ dollary möçberinde 65 müň tonna çig mal bolmadyk harytlar eksport edildi.

Oba hojalyk we senagat önümleri, şol sanda pisse, polat armaturalary, peýnir, agaç önümleri, turbalar we profiller, içgiler, polietilen hem-de ýod ýaly önümler eksportyň esasy bölegini düzdi. Bu önümler esasan hem Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport edildi.

Inçeburun — Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky demirýol we deňiz portuna çykalgasy bolan möhum geçelge bolup, ol Eýranyň demirgazyk-gündogarynda, Hazar deňziniň ýakasyndaky Gülüstan welaýatynda ýerleşýär. Bu geçelge arkaly halkara demir ýol we awtoulag üstaşyr ýol geçelgeleri hereket edýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022