Türkmen telekeçileri “Belarusyň agrosenagat hepdeligi” forumynyň çäklerinde geçiriljek sergilere çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri “Belarusyň agrosenagat hepdeligi” forumynyň çäklerinde geçiriljek sergilere çagyrylýar
31-nji Halkara ýöriteleşdirilen "Belagro-2021" sergisi, 2025-nji ýylyň 1-5-nji iýuny, Minsk, Belarus (Surat: sb.by)

Türkmen telekeçileri 2026-njy ýylyň 2–6-njy iýuny aralygynda Minsk şäherinde geçiriljek “Belarusyň agrosenagat hepdeligi” daýhançylyk forumynyň çäklerinde guraljak halkara ýöriteleşdirilen sergilere gatnaşmaga çagyrylýar.

Forumyň çäklerinde 36-njy halkara ýöriteleşdirilen “Belagro-2026” sergisi, şeýle hem “Belferma”, “Belprodukt”, “Biogaz”, “Prodmaş. Holod. Upak” we “Azyk senagaty-2026” sergileri geçiriler diýip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

Çäreleri gurnaýjylaryň habar bermegine görä, sergileriň çäklerinde maldarçylyk we guşçulyk üçin enjamlar we tehnologiýalar, bioenergetika ulgamyndaky çözgütler, önümleri gaýtadan işlemek we gaplamak tehnologiýalary, şeýle hem söwda, sowadyjy we ammar enjamlary görkeziler.

Myhmanlar et we süýt önümleriniň, çörek we konditer önümleriniň, içgileriň, gök-bakja hem-de miwe önümleriniň, şeýle hem doňdurylan we ýarym taýýar önümleriň görnüşleri bilen tanşyp bilerler.

“Belarusyň agrosenagat hepdeligi” — bu her ýyl geçirilýän iri pudaklaýyn çäre bolup, Belarusyň oba hojalyk-senagat toplumyndaky esasy sergi çäresidir. Ol Minsk şäherinde geçirilip, tejribe alyşýan we iň täze tehnologiýalary hödürleýän öňdebaryjy daýhanlary, enjam öndürijileri we azyk öndürijilerini bir ýere jemleýär.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС