Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyna iki alabaýy sowgat berdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutanyna iki alabaýy sowgat berdi
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren iki sany türkmen alabaýy bilen surata düşýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa iki sany türkmen alabaý güjügi sowgat berdi. Bu barada Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň resmi metbugat gullugy şenbe güni habar berdi.

Güjükler mart aýynda dünýä inip, olaryň erkek güjügine Alabaý, urkaçy güjügine bolsa Alaja diýip at dakyldy. Güjükleriň şahadatnamasyny Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň wise-prezidenti Batyr Rejepow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanowa gowşurdy.

Habarda bellenilişi ýaly, geçen hepde Gurbanguly Berdimuhamedow “KazanForuma” gatnaşmak maksady bilen Kazana sapar etdi. Şol ýerde oňa ozal Tatarystanyň Baştutanyna sowgat berlen Ak dost atly ulalan alabaý görkezildi. Şondan soň türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystana ýene iki sany alabaý ibermek baradaky karary kabul etdi.

Rustam Minnihanow Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini ýetirip, türkmen halkyna aýratyn hormatyny beýan etdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa we doganlyk türkmen halkyna Tatarystana bildirýän aýratyn gatnaşygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen alabaýy Türkmenistanyň milli buýsanjy we baýlygy hasaplanýar. Dünýäniň iň gadymy it tohumlarynyň biri bolan bu tohumyň taryhy 4 müň ýyldan gowrak döwre uzaýar.

2022