Türkmenistanda Aşgabadyň 145 ýyllygy we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilýär

BT
Türkmenistanda Aşgabadyň 145 ýyllygy we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilýär
Mekdep okuwçylary Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşýarlar, 2026-njy ýylyň 25-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan.

Türkmen halky ýurdyň paýtagty Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygyny we "Soňky jaň" dabarasyny giňden belleýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli, şeýle-de “Soňky jaň” dabarasy hem-de 2025-2026-njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

“Aşgabady dünýäniň gülläp ösýän şäherleriniň birine öwürmek maksady bilen, iri möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Dünýä tejribesiniň öňdebaryjy binagärlik däpleriniň, inženerçilik-tehniki çözgütleriniň milli binagärlik ugurlary bilen utgaşdyrylýan ak mermerli paýtagtymyzda mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, döwrebap ýaşaýyş şertlerini üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar” diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

“Siz durmuş ýoluňyzyň täze sepgitlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygaryna hem-de “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen baş ýörelgämize eýerip, bilimleriň we ylymlaryň täze çuňluklaryna aralaşmalysyňyz, zähmetde taplanmak, döretmek hem-de gurmak bilen, beýik geljegimize tarap ynamly gadam urmalysyňyz” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi.

Türkmenistanyň paýtagtynda we Arkadag şäherinde hem-de ähli welaýatlarynda Aşgabat şäheriniň 145 ýyllygy we "Soňky jaň" dabarasy mynasybetli dürli çäreler, aýdym-sazly dabaralar we maslahatlar geçirilýär.

2022