Aşgabatda 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy açyldy

BT
Aşgabatda 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýy açyldy
“Çoganly” ýaşaýyş toplumynda kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 25-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli duşenbe güni ýurduň paýtagtynyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda 2 gatly, 5 otagly 78 sany kottej görnüşli ýaşaýyş jaýynyň, Berkararlyk etrabynyň 8-nji kiçi etrapçasynda 5 gatly, 60 öýli we 5 gatly, 80 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Dabaralara il sylagly ýaşulular, eneler, Aşgabat şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halk köpçüligi, talyplar gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy medeniýet we sungat ussatlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Bu ýerde türkmeniň jaý toýuna mahsus milli däp-dessurlar ýerine ýetirildi.

Ýaşaýyş jaýlaryndan täze öý alan bagtyýar maşgalalara dabaraly ýagdaýda öýleriň açarlary gowşuryldy. Açylyş dabarasyna gatnaşan myhmanlar döwrebap öýlerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar.

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli açylyş dabaralarynyň dowamynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

2022
ENG TM РУС