Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalygyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanjyny bildirdi

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Ahmet Çalygyň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanjyny bildirdi
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ahmet Çalygyň arasynda geçirilen duşuşyk, 2026-njy ýylyň 25-nji maýy, Aşgabat, Türkmenistan

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow duşenbe güni “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalygy kabul etdi. Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň dokma senagatynda tanalýan görnükli işewür, belli şahsyýet, Ahmet Çalygyň kakasy Mahmyt Çalygyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny beýan etdi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Ahmet Çalyk medet beriji sözleri üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Ahmet Çalyk döwlet tarapyndan daşary ýurtly hyzmatdaşlar, hususan-da, türk kompaniýalary üçin döredilýän amatly şertleri özlerine bildirilýän uly hormat hökmünde kabul edýändigini aýtdy we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Hazaryň türkmen kenarynda utgaşykly dolanyşykda işlejek sebitde iri döwrebap elektrik stansiýasynyň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda düýbi tutulan karbamid öndürýän täze toplumyň gurluşygy batly depginde dowam edýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow kompaniýanyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmak işlerini hem ýerine ýetirýändigini aýdyp, gurluşyklarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we desgalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmeginiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli taslamalara hemişe ylmy taýdan esaslandyrylan, innowasion hem-de ýokary netijeli çözgütleriň girizilmegini goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň mundan beýläk-de iň täze innowasion tehnologiýalary, kämil enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli täze taslamalary amala aşyrmakda netijeli işleri dowam etdirjekdigine berk ynam bildirildi.

Işewür Türkmenistanda ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň ynanylmagynyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny nygtap, öz öňlerinde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine örän jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Ahmet Çalygyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýalar topary Türkmenstanyň senagat we durmuş maksatly möhüm binalarynyň hem-de döwrebap saglyk merkezleriniň gurluşygyna gatnaşýar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022
ENG TM РУС