Raşid Meredow “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň direktory bilen duşuşdy

BT
Raşid Meredow “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň direktory bilen duşuşdy
Raşid Meredowyň Erik Stýuart bilen duşuşygy, 2026-njy ýylyň 3-nji iýuny (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow sişenbe güni “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşdy. Amerikan işewürler toparlarynyň wekillerine ýolbaşçylyk edýän Erik Stýuart Aşgabada iş sapary bilen geldi.

Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar “Türkmenistan – ABŞ”işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. Geňeşiň iki ýurduň döwlet edaralary bilen hususy pudagynyň wekilleriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary ösdürmekde we hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm meýdança bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Taraplar şol gün Aşgabatda geçirilen tegelek stoluň netijelerine hem ýokary baha berdiler. Tegelek stola “Climate Compass”, “John Deere”we “Westport Trading”ýaly kompaniýalary hem goşmak bilen, ABŞ-nyň 10-a golaý kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda Geňeşiň işiniň Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle hem özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýändigi nygtaldy.
Taraplar ulag-logistika, energetika, nebitgaz, oba hojalyk we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şol gün “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda hem birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022