Türkmenistan Kabul şäherinde geçiriljek sebitleýin duşuşyga gatnaşar

BT
Türkmenistan Kabul şäherinde geçiriljek sebitleýin duşuşyga gatnaşar
“Owganystan – Merkezi Aziýa” konsultatiw dialogynyň ilkinji duşuşy, 2026-njy ýylyň 5-nji apreli, Kabul, Owganystan

Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde 16-njy iýunda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda sebitleýin duşuşyk geçiriler. Bu barada Owganystanyň Daşary işler ministrligine salgylanyp, “ToloNews” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Owganystanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň ýokary derejeli wekilleri gatnaşar.

Duşuşygyň gün tertibine sebit howpsuzlygy we durnuklylygy, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem sebitara baglanyşyklary giňeltmek bilen bagly meseleler girizildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşyk sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge, şeýle hem söwda, üstaşyr ulag we maýa goýum ugurlarynda täze mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilendir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022