Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Si Szinpini doglan güni bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda geçirilen duşuşyk, 2025-nji ýylyň 17-nji iýuny, Astana, Gazagystan (Surat: cctv.com)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Döwlet Baştutany gutlag hatynda Si Szinpiniň parasatly ýolbaşçylygynda Hytaý Halk Respublikasynyň durmuş-ykdysady ösüşde, halkara abraýyny berkitmekde we halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasy bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini hem-de deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Şeýle hem ol türkmen-hytaý döwletara gatnaşyklarynyň we strategik hyzmatdaşlygyň geljekde hem iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin 15-nji iýunda 73 ýaşady. Şu mynasybetli Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hytaý liderine gutlaglaryny iberip, onuň Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan şahsy goşandyna ýokary baha berdi.

2022