Yslam ösüş banky (YÖB) şu güne çenli Türkmenistanda amala aşyrylan 30 taslama üçin jemi 1,38 milliard ABŞ dollary möçberinde maliýe goldawyny berdi. Bu barada Yslam ösüş banky özüniň resmi X sosial sahypasynda habar berdi.
Bu görkezijiler Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow bilen Yslam Ösüş Bankynyň Prezidenti Muhammad Al Jasseriň arasynda Bakuda geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça mälim edildi. Duşuşyk Yslam Ösüş Bankynyň 2026-njy ýyldaky ýyllyk mejlisiniň çäklerinde geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ulag-logistika arabaglanyşygyny ösdürmek, söwdany maliýeleşdirmek we Türkmenistanyň uzak möhletleýin durmuş-ykdysady ösüş maksatlaryny goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdylar.
Yslam Ösüş Bankynyň ýyllyk mejlisi döwletleriň, halkara maliýe guramalarynyň we işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemläp, durnukly ösüş, maýa goýumlar we sebit hyzmatdaşlygy bilen bagly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan meýdançasy bolup hyzmat edýär.

















