Eýranyň paýtagty Tähran şäherinde türkmen tarapynyň gatnaşmagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan medeni çäreler geçirildi. Bu barada penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.
Eýranyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynda 17-nji iýunda “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy sebitinde agzybirligiň we medeni galkynyşyň sesi” atly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, alymlar, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň milli we dünýä edebiýatynda tutýan orny, şeýle hem watançylyk, agzybirlik, adalatlylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan pikirleri barada çykyşlar edildi.
Çykyşda Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýäde giňden wagyz etmek we tanatmak boýunça alyp barýan işlerine hem aýratyn üns berildi. Türkmen wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi bu ugurda çykyş etdiler.
Tähran şäheriniň Harezmi uniwersitetinde hem 16-njy iýunda Magtymguly Pyragynyň şygryýetine bagyşlanan medeni çäre geçirildi. Çärede şahyryň döredijiligi barada çykyşlar edildi, goşgular okaldy we türkmen medeniýetini şöhlelendirýän aýdym-saz hem-de sahna çykyşlary görkezildi.

















