Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjana döwlet saparynyň çäginde duşenbe güni Bakudaky birnäçe ýadygärlik toplumlaryna bardy. Bu barada “Türkmenistan” gazeti habar berdi.
Döwlet Baştutany ilki bilen "Ýeňiş" ýadygärlikler toplumyna baryp, Watany ugrunda janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlarynyň hatyrasyna gül desselerini goýdy. Dabaranyň dowamynda Baku şäheriniň häkimi Eldar Azizow Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýadygärlikler toplumy barada maglumat berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna baryp, onuň guburyna gül desselerini goýdy we Azerbaýjanyň görnükli döwlet hem-de syýasy işgäriniň hatyrasyny sarpalady.
Habarda bellenilişi ýaly, Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara abraýynyň ýokarlanmagy üçin berk binýat goýuldy. Şeýle hem ol Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýar.
















