Belgiýanyň “Air Belgium” awiakompaniýasy Aşgabat Halkara howa menzili arkaly ýük gatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar. Ilkinji gatnawlaryň deslapky meýilnama görä awgust aýynyň başynda amala aşyrylmagyna garaşylýar. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy anna güni habar berdi.
Ýük gatnawlaryny ýola goýmak boýunça taýýarlyk meseleleri Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow bilen “Air Belgium” kompaniýasynyň baş direktory Jorj Şaşatiniň arasynda awiakompaniýanyň baş edarasynda geçirilen duşuşykda ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşyşykda Jorj Şaşatiniň Türkmenistana amala aşyran soňky saparynyň netijelerine hem garaldy. Aşgabat Halkara howa menzili arkaly ýük howa gatnawlaryny ýola goýmak baradaky ylalaşyga onuň Türkmenistana saparynyň dowamynda geçirilen gepleşiklerde gol çekilipdi.

Gepleşiklerde ýük gatnawlaryny guramak bilen bagly amaly we tehniki meselelere, şeýle hem ilkinji gatnawyň başlanmagyna bagyşlanan dabaraly çäräni geçirmek mümkinçiligine aýratyn üns berildi. Bu çäräniň deslapky meýilnama görä awgust aýynyň başynda geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
Jorj Şaşati Aşgabat Halkara howa menziliniň logistika we ulag ulgamyndaky ähmiýetini belläp, howa menziliniň ýük gatnawlaryna durnukly, howpsuz we netijeli hyzmat etmek üçin zerur şertlere eýedigini aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, menzilde ýangyç guýmak we tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek mümkinçilikleri hem bar. Şeýle-de ol Türkmenistan tarapyndan halkara awiakompaniýalaryna we logistika operatorlaryna hödürlenýän şertleriň özüne çekijidigini nygtady.
Türkmen ilçisi öz gezeginde ýurduň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ulag zynjyrynda durnukly, howpsuz we hyzmatdaşlyga açyk merkez hökmünde ornuny yzygiderli pugtalandyrýandygyny aýtdy. Ol awiasiýa logistikasyny ösdürmekligiň halkara ulag arabaglanyşygyny giňeltmek we ýük daşama ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça milli strategiýanyň möhüm bölegidigini hem belledi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň oňyn ösüşine ýokary baha berip, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

















