Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy iýunda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew we Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Söhbetdeşligiň başynda Şawkat Mirziýoýew Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, oňa berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, şeýle hem türkmen halkynyň parahatçylygyny we gülläp ösmegini arzuw etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bolsa Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy habar berdi.
Habarda bellenilmegine görä, taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygy, senagat, energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlyk taslamalarynyň durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem “Şawat – Daşoguz” serhetýaka söwda zolagynyň netijeli işleýändigi bellenildi.
Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda ýakynda Aşgabatda geçirilen türkmen-özbek Hökümetara toparynyň we Işewürler geňeşiniň mejlisleriniň netijelerine hem ýokary baha berdiler. Şeýle hem şu ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek Azerbaýjanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň sekizinji konsultatiw duşuşygyna görülýän taýýarlygyň çäklerinde sebit gün tertibini utgaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen hem telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, onuň iki doganlyk ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny belledi. Öz gezeginde, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gazagystan bilen doganlyk gatnaşyklaryna we strategik hyzmatdaşlygyna uly ähmiýet berýändigini aýtdy.

















