Aşgabatda täze suw desgasy ulanylmaga berildi

BT
Aşgabatda täze suw desgasy ulanylmaga berildi
Aşgabat şäherindäki täze suw desgasynyň açylyş dabarasy, 2026-njy ýylyň 1-nji iýuly (Surat: TDH)

Aşgabat şäherinde paýtagtyň hojalyk we agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen gurlan täze suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desga gurlup ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda “Interbudmontaž” kompaniýasy tarapyndan gurlan desganyň suwy geçiriş kuwwaty sekuntda 181 kub metre barabardyr. Desgada ähli işler awtomatik dolandyrylýar, suw akymy we desganyň iş ýagdaýy bolsa sanly ulgam arkaly gözegçilikde saklanýar.

Taslamanyň çäklerinde suw akymyny sazlaýjy-bekleýji desga bilen birlikde dispetçer nokady, ýerasty howdanlar, suw sorujy we elektrik beketleri hem guruldy. Şeýle hem dispetçer nokady dizel-generator bilen üpjün edilip, “Garagumderýa” birleşiginiň aragatnaşyk ulgamyna birikdirildi.

Şol gün Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 21-nji we 22-nji suw göteriji beketleri hem ulanmaga berildi. Bu desga 6 müň 198 gektar ekerançylyk meýdanlaryny sanly ulgam arkaly tygşytly suwarmaga mümkinçilik döredýär we enjamlaryň üznüksiz işlemegini üpjün etmek üçin gün panelleri bilen enjamlaşdyryldy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022