"Geosonic" kompaniýasy Türkmenistandaky şertnamasynyň gerimini giňeldip, 200 kilometre golaý turba geçiriji infrastrukturasyna gözegçilik barlagyny geçirer. Bu barada kompaniýa salgylanyp, "Offshore Energy" neşiri habar berdi.
Taslama uzakdan dolandyrylýan suwasty enjamlar (ROV) arkaly geçirilýän barlaglary, geofiziki gözlegleri, katod gorag ulgamynyň ýagdaýyny barlamagy hem-de deňiz infrastrukturasynyň ýagdaýyna baha bermegi öz içine alýar.
Kompaniýanyň bellemegine görä, bu "Geosonic" kompaniýasynyň Türkmenistandaky ikinji taslamasydyr. Işleriň geriminiň giňeldilmegi kompaniýanyň Hazar sebitindäki ornunyň barha pugtalandyrylýandygyny hem-de suwasty barlaglar we gözegçilik hyzmatlary ugrundaky işjeňligini artdyrýandygyny görkezýär.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Şarja şäherinde ýerleşýän “Geosonic” kompaniýasy deňiz pudagy üçin suwasty barlaglary, suwasty obýektleriň ýerleşişini kesgitlemek we kartalaşdyrmak, gözegçilik barlaglaryny, geofiziki gözlegleri hem-de suwasty infrastruktura gözegçilik hyzmatlaryny hödürleýär.

















