Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) sişenbe güni geçiren söwdalarynda jemi bahasy 44 million 955 müň manada deň bolan pagta süýümi satyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.
Türkmen telekeçileri eksport etmek şerti bilen “Türkmenpagta” döwlet konsernine degişli kärhanada öndürilen 2025-nji ýylyň hasyly bolan pagta süýümini satyn aldylar.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda jemi bahasy 3 million 297 müň ABŞ dollaryna we 128 million 216 müň manada deň bolan 16 sany geleşik baglaşyldy.
1994-nji ýylda döredilen TDHÇMB Türkmenistandaky eksport-import amallaryny düzgünleşdirýän esasy edara bolup durýar.

















