Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarellany 85 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, oňa iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Bu barada çarşenbe güni Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
"Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris hem-de bu gatnaşyklaryň Türkmenistanyň we Italiýanyň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys" diýip, Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Serjio Mattarella berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Italiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
Serjio Mattarella 1941-nji ýylyň 23-nji iýulynda Palermo şäherinde doguldy. Ol 2015-nji ýyldan bäri Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.

















