Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
Döwlet Baştutany gutlag hatynda Şawkat Mirziýoýewiň alyp barýan syýasatynyň netijesinde Özbegistanyň yzygiderli ösýändigini we halkara giňişlikde öz abraýyny pugtalandyrýandygyny belledi. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary we hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi.
Serdar Berdimuhamedow umumy taryhy-medeni we ruhy gymmatlyklara esaslanýan türkmen-özbek halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hakyky doganlygyň aýdyň mysalydygyny nygtap, bu gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdi.
Şawkat Mirziýoýew 1957-nji ýylyň 24-nji iýulynda doguldy. Ol 2016-njy ýylyň dekabr aýyndan bäri Özbegistanyň Prezidenti wezipesini ýerine ýetirýär.

















