Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Türkmenistandaky taslama edarasy bilen Merkezi Aziýanyň Ekologiýa barlaglary instituty (CAIER, Gazagystan) ýagyş suwuny ýygnamak we ulanmak boýunça synag taslamasyny taýýarlamagy maslahatlaşdylar. Bu barada CAREC 22-nji iýulda geçirilen onlaýn duşuşygyň jemleri boýunça habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegine, bilelikdäki halkara taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we daşky gurşawy gorap saklamak ugurlarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak meselelerine garadylar. CAREC-iň Türkmenistandaky taslama edarasynyň direktory Mergen Kepbanow Türkmenistanda ýagyş suwuny ýygnamak we ulanmak boýunça bilelikdäki taslamany hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi.
CAREC-iň bilermeni Alekseý Sopyýew synag taslamasynyň konsepsiýasy bilen tanyşdyryp, atmosfera ygallaryny ýygnamak tehnologiýalary barada gürrüň berdi. Şeýle hem Alekseý Sopyýew Aşgabat şäherinde we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýagyş suwuny ýygnamak ulgamlaryny gurmak boýunça deslapky tehniki çözgütleri hödürledi. Taslamany taýýarlamagyň indiki tapgyrynda ygallaryň möçberi, gök zolaklaryň meýdany, ýer relýefi we beýleki tehniki görkezijiler boýunça maglumatlary toplamak meýilleşdirilýär.

CAREC-iň bilermeni Döwlet Jumagulyýew synag taslamasynyň amaly ähmiýetini belläp, görkeziş desgalarynyň döredilmeginiň ýagyş suwuny ýygnamak tehnologiýalarynyň netijeliligine baha bermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şeýle hem ol bu ugurda Gazagystanyň tejribesinden peýdalanmagyň we iki ýurduň hünärmenleriniň arasynda amaly tejribe alyşmagyň möhümdigini nygtady. Onuň sözlerine görä, synag tapgyrynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi taslamany geljekde Türkmenistanyň dürli sebitlerinde giňeltmäge esas döreder.
CAIER-iň dolandyryjy direktory Daulet Asylbaýew hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirip, suw howpsuzlygy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we durnukly ösüş boýunça taslamalary taýýarlamak üçin institutyň ylmy mümkinçiliklerini CAREC-iň amaly tejribesi bilen utgaşdyrmagyň möhümdigini belledi.
Duşuşygyň jemleri boýunça taraplar özara düşünişmek hakynda Ähtnamany taýýarlamak we gol çekmek, synag geçiriljek ýerleri kesgitlemek, gidrometeorologik hem-de tehniki maglumatlary alyşmak, şeýle hem taslamanyň konsepsiýasyny bilelikde işläp taýýarlamak we halkara maliýeleşdirmegi çekmek üçin degişli ýüz tutmany taýýarlamak barada ylalaşdylar.

















