Türkmenistan bilen Azerbaýjan “e-TIR” ulgamyny işe girizdi

BT
Türkmenistan bilen Azerbaýjan “e-TIR” ulgamyny işe girizdi
Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda “e-TIR” ulgamy arkaly amala aşyrylan awtoulag ýük daşamasy (Surat: Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy)

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komiteti Hazar deňziniň üsti bilen amala aşyrylýan halkara üstaşyr awtoulag ýük daşamalary üçin elektron-TIR (eTIR) sanly ulgamy arkaly maglumat alyşmagy ýola goýdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşmesiniň (IRU) guramagynda Azerbaýjandan Türkmenistan arkaly Özbegistana hem-de Türkmenistandan Azerbaýjan we Türkiýä üstaşyr iberilýän awtoulagly ýük daşamalary boýunça synag görnüşindäki maglumat alyşmak üstünlikli geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň bellemegine görä, bu taslama Ýewropa bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän halkara ulag geçelgesinde ýerleşýän iki döwletiň gümrük edaralarynyň arasynda üstaşyr awtoulag ýük daşamalary boýunça maglumat alyşmagyň ilkinji taslamalarynyň biri bolup durýar. “e-TIR” ulgamy maglumatlary hakyky wagt tertibinde elektron görnüşde alyşmaga, kagyz resmileşdirme işlerini azaltmaga, gümrük amallaryny tizleşdirmäge we çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berýär.

“e-TIR” ulgamy “Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we “Akylly” gümrügi döretmek” taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirildi. Şeýle hem “e-TIR” ulgamy halkara üstaşyr ýük daşamalarynda Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiligini ýokarlandyrýar.

2022