“Täç hil” hususy kärhanasy önümleriniň Gruziýa eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

BT
“Täç hil” hususy kärhanasy önümleriniň Gruziýa eksportyny ýola goýmagy meýilleşdirýär
“Täç hil” hususy kärhanasy “Central Asia Beauty Expo” atly VI halkara sergisinde, 2024-nji ýylyň 30-njy maýyndan 1-nji iýuny aralygy, Almaty, Gazagystan

Türkmenistanda himiýa önümlerini öndürýän “Täç hil” hususy kärhanasy Gruziýa bazaryna önümlerini eksport etmegi meýilleşdirýär. Bu barada “Rysgal” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Häzirki wagtda kärhananyň önümleri Özbegistana, Gyrgyzystana, Gazagystana, Azerbaýjana, Russiýa Federasiýasyna, Belarusa hem-de Owganystana eksport edilýär. Şeýlelikde, kompaniýa eksport geografiýasyny mundan beýläk-de giňeltmegi meýilleşdirýär.

“Ekspo Georgia” sergiler merkezinde geçirilen türkmen-gruzin işewürlik maslahaty we Türkmenistanda öndürilen önümleriň göçme sergisi “Täç hil” hususy kärhanasynyň täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmagyna giň mümkinçilikleri berdi. Çäräniň dowamynda kärhananyň himiýa önümleri daşary ýurtly sarp edijilere hödürlenip, gruzin bazarynyň wekillerinde uly gyzyklanma döretdi.

Kärhanada ýokary hilli himiýa önümleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Önümçilikde häzirki zaman tehnologiýalary ulanylýar we önümleriň halkara bazarlarynyň talaplaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär. Kärhananyň önümleriniň arasynda dürli görnüşli suwuk sabynlar, arassalaýjy serişdeler we beýleki hojalyk-himiýa önümleri bar.

Ýakynda “Täç hil” hususy kärhanasy “Liora” haryt nyşanly kremli suwuk sabynyň önümçiligine hem başlady. Täze önüm derini ýumşak arassalamak we ulanylandan soň ýakymly duýgy döretmek aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. “Liora” kremli suwuk sabyny 1 litr göwrümde öndürilýär we dürli isleglere laýyklykda bäş görnüşli ys aýratynlygy bilen hödürlenýär. Olaryň hatarynda “Pearl Glow”, “Milky Honey”, “Sweet Berries”, “Fresh Aloe” we “Ocean Breeze” görnüşleri bar.

2022
ENG TM РУС