Türkmenistanda wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryň enjamlaşdyrylyp gurnalyşyna we ýerleşýän ýerine bildirilýän hökmany talaplara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Degişli buýruk 2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan döwlet belligine alyndy.
Täze girizilen üýtgetmelere laýyklykda, açyk görnüşli ammarlarda harytlaryň gümrük barlagy üçin rentgen-telewizion enjamy gurnalmaly we enjam işjeň ýagdaýda bolmalydyr.
Şeýle hem gümrük edarasy öz ulanýan programma önümi bilen sazlaşykly işläp biljek harytlary hasaba almagyň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň bolmagyny, Ammaryň hasaba alyş ulgamynyň Gullugyň Maglumat ulgamy bilen özara utgaşykly hereketiniň ýola goýulmagyny ýa-da gümrük edaralarynyň wezipeli adamlarynyň Ammaryň hasaba alyş ulgamyna uzakdan girmek mümkinçiliginiň döredilmegini, şeýle hem harytlaryň eltilendigi we gümrük taýdan resmileşdirilendigi baradaky elektron maglumatlaryň kabul edilmegi we iberilmegi üçin zerur bolan maglumat geçirijilik tizlikli aragatnaşyk kanalynyň gümrük edarasyna bölünip berilmegini talap edip biler.
Ammaryň çägine we onda harytlaryň ýerleşdirilmegine, saklanylmagyna hem-de Ammardan berilmegine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýän wideogözegçilik ulgamyna hem goşmaça talaplar girizildi. Oňa laýyklykda, wideoýazgylar azyndan 60 senenama günüň dowamynda ulgamda saklanylmaly, ulgam hemişe işjeň ýagdaýda bolmaly hem-de Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wideogözegçilik ulgamy bilen utgaşdyrylmalydyr.

















