Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä Tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet dört günlük iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Bu barada sişenbe güni Bütindünýä Tatar kongresi habar berdi.
Saparyň dowamynda wekiliýet Aşgabat we Türkmenbaşy şäherlerine baryp görer. Maksatnama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa we medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradalyýew bilen gepleşikleri geçirmekligi meýilleşdirilýär.
Taraplar bilim, syýahatçylyk we taryhy-medeni mirasy gorap saklamak ugurlarynda bilelikdäki taslamalaryň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem wekiliýet Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görer.
Tatarystanyň wekiliýeti 30-njy iýulda Türkmenbaşy şäherine baryp, şäheriň häkimi Nyýazjan Nyýazjanow bilen duşuşar. Şeýle hem myhmanlar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.
Iş sapary 31-nji iýulda tamamlanar.

















