Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow penşenbe güni Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň (JBIC) täze bellenen ýolbaşçysy Kazuhiko Amakawa bilen duşuşyp, Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri ykdysady taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen JBIC-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine garadylar. Şeýle hem türkmen tarapy Kazuhiko Amakawany JBIC-niň ýolbaşçysy wezipesine bellenilmegi bilen gutlady.

Habarda bellenilişi ýaly, JBIC Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan birnäçe iri taslamalary maliýeleşdirýär. Olaryň hatarynda Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawod, Garabogazkarbamid zawody hem-de Çärjew döwlet elektrik stansiýasy bar.
Mundan başga-da, duşuşykda JBIC-niň gatnaşmagynda Türkmenistanda sirkulýar ykdysadyýet ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça hem pikir alşyldy.

















