TDHÇMB-da anna güni 150 million manatlyk nebit koksy satyldy

BT
TDHÇMB-da anna güni 150 million manatlyk nebit koksy satyldy
Türkmenbaşy nebit-himiýa zawodlar toplumy

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) anna güni geçirilen söwdalarynda nebit koksy satyn almak boýunça jemi bahasy 150 million manada deň bolan geleşikler baglaşyldy. Bu barada TDHÇMB habar berýär.

“Türkmennebit” döwlet konsernine degişli kärhanalarda öndürilen bu önümi ýerli işewürler satyn aldylar.

Mundan başga-da, Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 43 müň 340 ABŞ dollaryna deň bolan pagta ýüplügini satyn aldylar.

TDHÇMB-nyň anna güni geçirilen söwdalarynda jemi 8 geleşik hasaba alyndy.

2022