Uzynlygy 153 kilometre deň bolan Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň möhüm bölegi “Arkadagyň ak ýoly” diýlip atlandyrylýan Serhetabat–Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyra ynamly ilerleýär. Gaz geçirijiniň ugry boýunça geodeziki barlag-gözleg işleri doly geçirilip, olaryň netijeleri iş buýruja we potratçylara tabşyryldy. Tehnologiýa taslama resminamalary hem-de gurluşyk çyzgylary halkara ölçegleriň talaplaryna laýyklykda taýýarlanyldy.
Häzirki wagta çenli gaz geçirijiniň ähli ugry üçin zerur bolan ölçegi 1422 millimetre deň bolan turbalaryň 120 kilometri gurluşyk meýdançasyna getirildi we üpjünçilik işleri dowam edýär. Taslamanyň maddy-tehniki üpjünçiligi we hyzmatlary boýunça baglaşylan 25 şertnamanyň aglaba bölegi doly ýerine ýetirildi. Sertifikatlaşdyrylan enjamlaryň köp böleginiň gümrük amallary tamamlandy we olar Owganystandaky gurluşyk meýdançasyna getirildi. Bu barada duşenbe güni “Watan” habarlar gepleşigi habar berdi.

Gurluşyk-gurnama işleri 300-e golaý döwrebap ýöriteleşdirilen tehnikalaryň çekilmegi esasynda alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli gaz geçirijiniň ugrunyň 140 kilometri tekizlendi we uzynlygy 123 kilometre deň bolan gözegçilik ýoly guruldy. Turbageçirijiniň 117 kilometrlik böleginde kebşirleme-gurnama işleri ýerine ýetirildi we kebşirlenen bölekler tapgyrlaýyn esasda suw bilen basyş arkaly synagdan geçirilýär.
Mundan başga-da gurluşykda zähmet çekýän gazçylar üçin ähli zerur şertler döredildi. Gaz geçirijiniň 12-nji we 86-njy kilometrlerinde 1-nji we 2-nji wagtlaýyn ýaşaýyş şäherçeleri guruldy.

















