Aşgabatda 2026-njy ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň we Bangladeş Halk Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow we Bangladeş Halk Respublikasynyň Hökümetiniň Daşary işler ministrliginiň Gündogar we Günbatar ýurtlary bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça sekretary, ilçi Nazrul Yslam ýolbaşçylyk etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şenbe güni habar berdi.
Gepleşiklerde ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy meseleleri maslahatlaşyldy hem-de döwletara gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek üçin ýokary we iň ýokary derejelerdäki saparlary guramagyň maksadalaýykdygy bellenildi. Şeýle hem daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli gatnaşyklary saklamak we daşary işler ministrleriniň özara saparlaryny guramak boýunça iş alyp barmak barada ylalaşyldy.
Taraplar BMG-niň çäklerindäki özara hereketleri kanagatlanma bilen belläp, hyzmatdaşlygyň ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň ähmiýetine ünsi çekdiler. Şeýle hem birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredilip, iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garadylar.
Geňeşmeleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine, şol sanda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Dakkanyň söwda-senagat palatasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselesine garaldy. Şeýle hem nebit-gaz, ulag, oba hojalygy we dokma senagaty ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri boýunça pikir alşyldy.
Mundan başga-da medeniýet, bilim we syýahatçylyk ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem aýratyn üns berildi. Geňeşmeleriň ahyrynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

















