Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçisi Ylýas Gaýypow 2026-njy ýylyň 16-njy awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Sobhani bilen duşuşyp, türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerine garadylar. Bu barada Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Ilçihanasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ösüş mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garadylar.
Mundan başga-da, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň ornuny we ähmiýetini mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berdiler.
Duşuşykda söhbetdeşler hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny bellediler.

















