“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak üçin hasaba alyş möhleti uzaldyldy

BT
“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak üçin hasaba alyş möhleti uzaldyldy
"CAREC 2025" işewürlik forumy we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň 24-nji ministrler maslahaty, 2025-nji ýylyň 18-20-nji noýabry, Bişkek, Gyrgyzystan

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmak isleýän hususy kompaniýalar üçin hasaba alyş möhleti 31-nji awgusta çenli uzaldyldy. Bu barada forumyň guramaçysy AÖB habar berýär.

Forum 30-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda Mongoliýanyň Ulan-Bator şäherinde geçirilip, Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň 25-nji ministrler maslahatynyň çäginde guralar. Işewürlik forumyna Merkezi Aziýa Sebitleýin Ykdysady Hyzmatdaşlyk (CAREC) maksatnamasynyň sekretariaty wezipesini ýerine ýetirýän Aziýa Ösüş Banky (AÖB) guramaçylyk eder.

Forumyň birinji güni "Maýa goýumlaryny giňeltmek – infrastruktura özgertmelerini ilerletmek", ikinji güni bolsa "Mongoliýa sebitiň üns merkezinde" diýen mowzuklar boýunça geçiriler. Çäräniň dowamynda maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge, hususy pudagyna degişli infrastruktura ösüşine päsgel berýän bökdençlikleri maslahatlaşmaga gönükdirilen – “Energetika we özara arabaglanyşyk”, “Akylly ulag we logistika” hem-de “Möhüm minerallar” boýunça üç sany ugurdaş kiçi forum geçiriler.

Şeýle hem forumyň çäginde ýokary derejeli umumy mejlisler, bilermenleriň ara alyp maslahatlaşmalary, şeýle hem işewürleriň arasynda (B2B) we işewürler bilen döwlet edaralarynyň arasynda (B2G) duşuşyklar geçiriler. Gatnaşyjylar CAREC ýurtlarynyň ýokary derejeli döwlet işgärleri, Aziýa we Ýewropanyň kompaniýalarynyň wekilleri, sebit maýadarlary, ADB-niň ýolbaşçylary we ösüş hyzmatdaşlary bilen göni aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik alarlar.

“CAREC 2026” işewürlik forumyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän hususy kärhanalar www.carecprogram.org arkaly bellige alynmaga çagyrylýar.

2022