Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän “Döwletli Döwran” hojalyk jemgyýetiniň keramiki kerpiç öndürýän kärhanasy önümlerini Özbegistana, Gazagystana we Täjigistana eksport edýär. Kärhanada öndürilýän sary we gyzyl reňkli keramiki diwar hem-de ýüzlük kerpiçler içerki bazar bilen bir hatarda daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Bu barada "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetiniň sişenbe günündäki sanynda habar berilýär.
Kärhana “Verdes”, “Beralmar”, “Messersi” we “Fanuc” kompaniýalarynyň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Onuň önümçilik kuwwaty ýylda 192 müň tonna önüm öndürmäge we 80 million sany keramiki kerpiji öndürmäge giň mümkinçilik berýär.
Önümçiligiň ähli tapgyrlary awtomatlaşdyrylyp, kerpiçleri daşamak, kesmek, ýerleşdirmek we guratmak işlerinde robotlaşdyrylan enjamlar ulanylýar. Çyglylyk, basyş we temperatura görkezijileri merkezleşdirilen dolandyryş ulgamy arkaly sazlanýar. Bişirmek we guratmak işlerinde intellektual sazlaýjylar, gaplamakda bolsa senagat manipulýatorlary peýdalanylýar.
Kärhanada öndürilýän kerpiçler dürli howa şertlerine çydamly bolup, olaryň düzümindäki howa boşluklary goşmaça ýylylyk izolýasiýasyny üpjün edýär. Şeýle hem taýýar önümler sarp edijilere ugradylmazdan öň geometrik ölçeglere laýyklygy, bitewiligi we berkligi boýunça barlagdan geçirilýär.
Kärhana 2020-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga berilip, onda häzirki wagtda 200-e golaý hünämen zähmet çekýär. Şeýle hem kärhana 28 gektar meýdany eýeläp, tutuş Türkmenistanyň öňdebaryjy önümçilik kärhanalarynyň birine öwrüldi.

















