Türkmenistanyň Prezidenti “Arçman” şypahanasynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy

BT
Türkmenistanyň Prezidenti “Arçman” şypahanasynyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti “Arçman” şypahanasynyň gurluşyk işleriniň tasalamalary bilen tanyşýar (Surat: “Altyn asyr” elektron gazeti)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda ýerleşýän “Arçman” şypahanasyna baryp, bu ýerde goşmaça täze bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň gurluşygy hem-de käbir binalary has-da döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Şypahanada gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Şeýle hem döwlet Baştutanyna şypahanada täze gurulýan binalar toplumynyň, döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň häzirki ýagdaýy, olaryň üpjünçiligi we enjamlaşdyrylyşy boýunça taslamalar hem-de çyzgylar görkezildi.

Taslamalarda 400 orunlyk täze şypahana binasynyň, düýpli döwrebaplaşdyrylýan “A” we “B” binalarynyň, naharhananyň, fitobaryň we çaýhananyň, 300 orunlyk mejlisler zalynyň, mineral suw içilýän binanyň, çagalar üçin oýun otaglarynyň, türgenleşik zalynyň, şypaly suw bilen bejeriş binasynyň hem-de dört gatly awtoulag duralgasynyň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we döwrebaplaşdyryş işleriniň bellenilen möhletlerde hem-de ýokary hilli ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamak boýunça tabşyryklary berdi. Şeýle hem binalar toplumynyň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görmek meselelerine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutany gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan 400 orunlyk şypahana binasynyň otaglary, olaryň enjamlaşdyrylyşy we ýatymlaýyn otaglaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Şeýle hem ol binanyň SPA bölümine degişli otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen tanşyp, bu bölümde mineral suwlar bilen bejeriş, gidro, gala we aromaterapiýa ýaly otaglara baryp gördi.

Türkmenistanyň Prezidenti “Arçman” şypahanasynyň bejeriş mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň, mineral suwly çeşmäniň suw gorlaryny ylmy esasda öwrenmegiň we lukmanlaryň hünär derejesini yzygiderli kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi. Şeýle hem bejeriş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilmelidigini aýtdy.

Saparyň dowamynda şypahananyň ähli çäkleriniň abadanlaşdyrylmagy we ýokary ekologik ýagdaýyň üpjün edilmegi bilen birlikde, dynç alýanlar üçin gezelenç etmek, sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertleriň derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamak barada degişli tabşyryklar berildi.

2022