Türkmenistanda oba hojalyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan türkmen-hytaý duşuşygy geçirildi

BT
Türkmenistanda oba hojalyk hyzmatdaşlygyna bagyşlanan türkmen-hytaý duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň degişli edaralarynyň wekilleri bilen Hytaýyň Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynyň wekiliýetiniň arasynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça geçirilen türkmen-hytaý gepleşikleri, (Surat: THP)

Aşgabat şäherindäki “Arçabil” myhmanhanasynda oba hojalygy pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerine bagyşlanan türkmen-hytaý duşuşygy geçirildi. Çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň Halk hökümetiniň başlygy Erkin Tunýazyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Türkmenistana saparynyň çäginde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan ýurduň oba hojalyk toplumynyň degişli edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Hytaý tarapyna bolsa Sinszýan-Uýgur awtonom sebitiniň oba hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylary, Oba hojalyk ylymlary akademiýasynyň alymlary hem-de oba hojalyk maşyn gurluşygy, tohumçylyk we agrotehnologiýalar ulgamynda işleýän öňdebaryjy kompaniýalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda oba hojalyk toplumyna innowasiýalary ornaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, gowaça hem-de çig maly gaýtadan işlemek, tohumçylyk, ekologiýa we suw tygşytlylygy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hytaýyň işewürler toparynyň wekilleri türkmen bazarynda bilelikdäki maýa goýum we tehnologiki taslamalary durmuşa geçirmäge, şeýle hem döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny getirmäge gyzyklanma bildirdiler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge hem-de iki ýurduň hünärmenleriniň we oba hojalyk pudagynyň bilermenleriniň yzygiderli özara saparlaryny dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Şol gün hytaý wekiliýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew bilen hem duşuşdy. Taraplar pudaklaýyn geňeşmeleriň netijelerini jemläp, oba hojalyk toplumy we tehniki hyzmat ulgamynda sebitara hyzmatdaşlygy has ýokary derejä çykarmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022