Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Tibet awtonom sebitinde bolup geçen, pajygaly netijelere getiren tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow tebigy betbagtçylykda ejir çekenlere tiz wagtda sagalmak baradaky dileglerini ýetirdi.
26-njy awgustda Hytaý bilen Nepalyň serhedine ýakyn ýerleşýän Tibet sebitinde tebigy betbagtçylyk bolup geçdi. Buzluk we dag jynslarynyň süýşmegi netijesinde suw joşgunlary we süýşgünler emele gelip, Gyirong serhet zolagyna zyýan ýetirdi. Tebigy betbagtçylygyň bolan sebitinde häzirki wagtda hem gözleg-halas ediş işleri dowam edýär.

















