Daşoguz welaýatynda we Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwlet migrasiýa gullugynyň täze binalary gurlar. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we gullugyň işgärleriniň iş şertlerini ýokarlandyrmak maksady bilen gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde gullugyň welaýat boýunça müdirliginiň edara binasynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip gurmak tabşyryldy.
Şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda Döwlet migrasiýa gullugynyň Mary welaýaty boýunça müdirliginiň Ýolöten etrap bölüminiň edara binasynyň we gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamalaryny düzmek, olary döwrebap enjamlar bilen üpjün edip gurmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bellenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň anna güni geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň sekiz aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda döwlet howpsuzlygyny we asudalygyny üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

















